Talyplaryň arasynda goşgy ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi
2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesi tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli talyplaryň arasynda “Bitaraplyk - baky bagtym” atly goşgy ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, türkmen ýaşlaryny ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi esasynda milli ruhda terbiýelemek, talyp ýaşalaryň türkmen edebiýatyny taryhyny kämil derejede bilmeklerini gazanmak, olaryň pikirleniş ukybyny kämilleşdirmek, zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi.
Bäsleşigiň netijesi boýunça 3 talyp baýrakly orunlara mynasyp boldylar. Olar:
1.Mahmudowa Altynjemal- 206-njy toparyň talyby. “Bitarap Türkmenistan” goşgy (I orun).2.Ismailowa Jemile-311-nji toparyň talyby. “Bitaraplygyň waspy” goşgy (II orun).3.Atamyradowa Ýazbibi- 111-nji toparyň talyby. “Garaşsyz Watanym” goşgy (III orun).4.Goşaýewa Uzukjemal- 209-njy toparyň talyby. “Sensiň, baky gülşen Watanym” goşgy (höweslendiriji).5.Arazgulyýewa Uzukjemal – 209-njy toparyň talyby.”Türkmenistan Watanym” goşgy (höweslendiriji).
Bäsleşigiň ýeňijilerine mekdebimiz tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Goşgy ýazmak boýunça bäsleşigine gatnaşyjy talyplar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy, bilimi ösdürmek, ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak we halkymyzyň beýik şahsyýetlerini, medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerini öwrenmek ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Bitarap Türkmenistan
Bitaraplyk sowulmajak ak bagtym
Garaşsyzlyk synmaz goşa ganatym
Bu gün toýuň toýlar bitarap ýurdum
Şan – şöhraty dillerimizde dessanym
Garaşsyz Bitarap Türkmenistanym
Her günüň asuda tämiz daňy bar
Ýer ýüzünde bitaraplyk ýaňy bar
Bagtyýar ýurdumda bagtyň heňi bar
Şan – şöhraty dillerimizde dessanym
Garaşsyz Bitarap Türkmenistanym
Pyragynyň arzuw eden zamany
Bitarap ýurdumda bagtyň mekany
Görmäne göz gerek ajap mekany
Şan – şöhraty dillerimizde dessanym
Garaşsyz Bitarap Türkmenistanym
Il bagtyýar Watan üçin janymyz
Bitaraplyk baky şöhrat şanymyz
Ýaşasyn Gahryman Arkadagymyz
Şan – şöhraty dillerimizde dessanym
Garaşsyz Bitarap Türkmenistanym
Halky Oguz handan gaýdýan aslymyz
“Watan” diýip ganat gerýär neslimiz
Gül Watanyň gujagynda bagtly biz
Şan – şöhraty dillerimizde dessanym
Garaşsyz Bitarap Türkmenistanym
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby
Altynjemal Mahmudowa
Bitaraplygyň waspy
Bitaraplyk-mukaddesdir biz üçin,
Parahatlyk iň ýokary baýlykdyr.
Geçmiş ýoly şanly halkymyz üçin,
Bu gymmatlyk hakykatdan laýykdyr.
Parahatlyk baky bahar mysaly,
Gurşap aldy ýurdumyzyň çar ýanyn.
Öwsüp erkiň, azatlygyň şemaly,
Eçilýär il-halka ýagşylyk baryn.
Halklar bilen dost-doganlyk hem ynam,
Asylly däbidir türkmen halkynyň.
Ilimde çekilmez uruşlardan gam,
Bu subudy azat iliň bagtynyň.
Ýer ýüzünde ykrar edilip ady,
Halkara abraýy belentdir has-da.
Otuz ýyldyr halkyň köňlüniň şady,
Kemal tapdy arzuwlarda, yhlasda.
Zemine berk ornaşandyr kökleri,
Nyşandaky ýaşyl derek mysaly.
Erkana seýl edip, ýeru-gökleri,
Laçyn barýar göýä ak bagta sary.
Bu azatlak-Pederleriň dilegi,
Eneleriň ukusyz gijesidir!
Berk sütüni, sarmaz, synmaz diregi,
Halkyň çüwen bagty hem bijesidir!
Gahryman Arkadag saýasy bilen,
Dowam boldy bu bagta barýan ýollar.
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Bitaraplyk baky, müdimi bolar!
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 3-nji ýyl talyby
Jemile Ismailowa
Garaşsyzdyr Watanym.
Berkararlyk bagtym sen
Nurly diýdäm ýagtym sen
Türkmenistan bagtym sen
Garaşsyzdyr Watanym
Garaşsyzlyk toýlary
Bitaraplyk baýramy
Nurly diýdäň aýdymy
Garaşsyzdyr Watanym
Erkanalyk bagtym sen
Şu günim hem ertäm sen
Dost-doganlyk bagtym sen
Garaşsyzdyr Watanym
Soňlanmajak bagtym sen
Agzybirlik tagtym sen
Erkanalyk bagtym sen
Garaşsyzdyr Watanym
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby
Ýazbibi Atamyradowa