Täsirli onlaýn-sapaklar dowam edýär
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Jeren Muradowanyň guramagynda ,, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi döredijiligi, eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti.” atly açyk sapak geçirildi. Geçirilen açyk sapakda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň uly mugallymy, Ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Saparowa Seýýara Nurmatowna bilen onlaýn arkaly söhbetdeşlik guraldy. Sapaga Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymlary Maýsagözel Amangeldiýewa, Bibi Gurbangeldiýewa, Bibisere Saparowa we 305-306-njy toparyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Sapakda Saparowa Seýýara Nurmatowna Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden ,,Hakyda göwheri”, “Ömrümiň manysy”, “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy”, “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada täsirli gürrüň etdi. Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän bu kitaplarda esasy ahlak kadalary we ýörelgeler beýan edilýär. Olara häzirki döwürde-de, möhüm ähmiýet berilmegi pederlerimiziň däpleriniň, ahlak kadalarynyň dowamat-dowam bolýandygynyň subutnamasydyr-diýip, mugallym belläp geçdi.
Sapagyň dowamynda mugallym Jeren Muradowa talyplara Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden bölekleri çeper okatdy, eserlerde ýatlanyp geçilýän pähim-parasatly sözleriň terbiýeçilik ähmiýeti barada sorady, klaster we barlagnama boýunça işletdi. Sapagyň ahyrynda mugallym talyplar bilen Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde özlerini gyzyklandyrýan temalar boýunça sorag-jogap alyşdylar.
Açyk sapagyň dowamynda goşgularyň hem-de aýdymlaryň üsti bilen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny, ylym-bilim ulgamyny has-da belentliklere götermekde ýurdumyzda giň gerimli işler alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tutumly işlerinde uly rowaçlyklar arzuw etdiler.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy,
Daşoguz şäher halk maslahatynyň agzasy ,
,,Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna’’ ýubileý medalynyň eýesi
Amangeldiýewa Maýsagözel Muhammedowna