Başlangyç synplarda okuw-görkezme esbaplarynyň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesillere berilýän bilim-terbiýe döwrebap derejede kämilleşdirilýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyna hem aýratyn üns berilmegi, ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Eziz Watanymyzda bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan netijeli işler parahat ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň aýdyň beýany bolup kalplara ornaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalaryna bolan buýsanjyň goşalanýar.
Biz hem bilim işgärleri ýaş nesillere bilim öwretmekde döredijilikli zähmet çekýäris. Başlangyç synplarda sözleri okamagy öwredilýär. Şunda çekimsiz sesler bolan «N» harpyndan başlanýan sözleri multimedia tagtasyna ýazýaryn. Meselem: nar, nahar, nal, nagyş, narpyz. Sapagyň dowamynda okuwçylar bu sözleri depderlerine ýazýarlar. Şeýlelikde bu sözlere degişli sözlemleri hem düzýäris. Munuň özi okuwçylaryň sapaga oňat düşünmeklerini hem-de pikirlenişiniň ösüşini üpjün edýär.
Sapagyň dowamynda okuw kitabynda berlen tekstleri, sözleri okuwçylar bilen okaýarys. Bu bolsa diňe bir harp tanamakda däl, eýsem, okamak endigini hem kemala getirýär. Mugallym hökmünde kitap okamagyň möhümdigini wagyz etmek bolar. Bu okuwçylara oňat täsir edýär, olaryň okuwa bolan höwesini artdyrýar.
Başlangyç synplarda okaýan çagalara sapagy täsirli we gyzykly guramak üçin dürli şekillerden we multimedia tagtasyndan peýdalanýarys. Şeýle hem sapakda okuw-görkezme esbaplaryny peýdalanmagyň netijeli bolmagy olaryň dogry saýlanyp alynmagy bilen hem berk baglanyşyklydyr. Islendik görkezme esbaplaryň dogry saýlanyp alynmagy, ilkinji nobatda, sapagyň bilim berijilik, ösdürijilik we terbiýeçilik wezipelerine hem-de aýratynlyklaryna oňaýly täsir edýär.
Sapagyň ahyrynda okuwçylara öýe ýumuş tabşyrýaryn. Şeýle hem okuwçylaryň sapaga degişli sowallaryna jogap berýärin.

Göwher AMANOWA,
Baýramaly etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy.
«Mugallymlar gazeti»
17.02.2025ý №14

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09