Bitaraplyk — bagtymyz

Türkmenistan özüniň baky Bitaraplyk ýoluny halkara derejesinde durmuşa geçirmekde dünýä ösüşiniň mizemez kadasyndan ugur almak bilen, özünde bar bolan ägirt uly tebigy gorlary, amatly geosyýasy ýerleşişini, saldamly halkara syýasy abraýyny, onuň mümkinçiliklerini dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirýär.

Ata Watanymyzyň öňe sürýän başlangyçlary diňe sebitdäki goňşy döwletleriň çäklerinde däl, eýsem, ählumumy derejede dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňelmegine gönükdirilen sebit we ählumumy geosyýasy meseleleri çözmek üçin zerur şertleri döredýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň umumy dünýä ýagdaýlaryna oňyn we hemmetaraplaýyn ölçerilen çemeleşmeleri döwletleriň we halklaryň arasynda düşünişmek, deňhukuklylyk, milli bähbitlere hormat goýmak derejelerini üpjün etmäge ýardam berýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen döwleti uly üstünliklere eýe bolýar. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýýar.

Maýsa GURDOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.

Salgy : https://turkmenmetbugat.gov.tm

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09