Ýeňişlerden ýeňişlere
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesiller barada irginsiz aladalar edilýär. Döwletimizde ýaşlaryň watansöýüji, edep-terbiýeli, ylymly-bilimli, zähmetsöýer, ruhubelent, sagdyn we giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdebe çenli çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri, sport desgalary gurlup ulanylmaga berilýär. Talyp ýaşlarymyz ýurdumyzyň çäginde we halkara derejesindäki dürli ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly” diýen tabşyryklaryndan ugur alyp, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary, mugallymçylyk we lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda türkmen, iňlis we rus dillerinde “Magtymguly, sözle bu şirin dilde” atly diktant bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik iki sany tapgyrdan ybarat bolup, bäsleşigiň jemleýji tapgyry Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Bäsleşige Mugallymçylyk mekdebimiziň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Jeren Muradowanyň halypalyk etmeginde 302-nji toparynyň talyby Mahym Gurbangeldiýewa gatnaşdy. Bäsleşikde orta hünär okuw mekdepleri boýunça Mahym Gurbangeldiýewa I orna mynasyp boldy.
Biz – ýaşlar Garaşsyz, hemişelik baky Bitarap Türkmenistanyň röwşen geljegidiris! Biziň esasy maksadymyz – ýurdumyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmek. Bize okamaga, öwrenmäge, döretmage, gurmaga, watançy ýaşlar bolup ýetişmegimize giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, olaryň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli bütin adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işeri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Aýbölek BERDIGULYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň 3-nji ýyl talyby